Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadiony

Hormatly Prezidentimiziň irginsiz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketi uly ösüşlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, aýratyn hem, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin iň ajaýyp göreldedir. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadiony hem şeýle ähmiýetli desgalaryň biridir. Onda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilendir. Onuň esasy aýratynlygynyň biri köpugurlylygy bilen baglydyr. 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadion emeli düşekli futbol meýdançasy, ýeňil atletikaçylar üçin ylgaw ýodajyklary, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek üçin meýdançalar ýerleşdirilendir.

Picture

Mundan başgada, paýtagtymyzda ýerleşýän “Aşgabat” köpugurly stadionynyň binasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zallarynyň 12-si bar. Munuň özi ol ýerde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň saglygyny berkitmegi, ussat türgenleriň bolsa ýaryşlara ykjam taýýarlanmagy üçin ähli şertleriň bardygyny aňladýar.

Esasy binaň içinde woleýbol, basketbol, bouling zallary, şahsy güýç türgenleşigi umumy sport zaly, ýapyk ylgaw ýodasy, stol tennisi, agyr atletika, göreş, boks hem-de gimnastika üçin ýörite enjamlaşdyrylan türgenleşik zallary ýerleşdirilen.

Picture

Bu desganyň içinde 450m³göwrümi, 2.20 metr çuňlugy, 25 metr uzynlygy we ini 13 metrdan ybarat bolan ulular üçin niýetlenen ýüzülýän suw howzy hem-de 390 m³ göwrümi, 1metr çuňlugy, 16 metr uzynlygy we ini 13 metrdan ybarat bolan çagalar üçin niýetlenen ýüzülýän suw howzy bar.

“Aşgabat” köpugurly stadionyň töwereginde 4 sany türgenleşik sapaklaryny geçirmek üçin niýetlenilen futbol meýdançalary ýerleşdirilen. Stadionyň çäginde 3 sany rezin örtükli tennis korty we 4 sany gaty örtükli tennis kort ýerleşdirilen. Häzirki wagtda Türkmenistanda tennis oýnuny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar.

Picture

“Aşgabat” köpugurly stadionynda suwa düşülýän, egin-eşik saklamak üçin niýetlenen otaglar, lukman otaglary, tälimçiler üçin niýetlenen otaglar türgenleşik sapaklary we sport ýaryşlary üçin ähli amatlyklary bolan ýokary hilli şertler döredilen. Müşderiler üçin 1252 sany awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen açyk we ýapyk awtoulag duralgasy döredilen.
Bedenterbiýe we sport döredijilik hereketlerini, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň özüne ynamyny berkidýär hem-de ony döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Stadion özboluşly yşyklandyryş ulgamly, gök zolakly, suw çüwdürimleri bolan we dürli baglar, güller ekilen dynç alyş seýilgähleri we ähli amatlyklary özünde jemleýär. Arassa howada, tebigatda gezim etmek, adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygyny, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy.

Picture